Türkmenistanyň Prezidenti "IFT 2026" halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 27-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Foruma türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem