Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa ikinji tapgyrda alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen mebeller, olaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň bezeg işlerine degişli serişdeler görkezildi.
Hajy Arkadagymyz metjidiň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz metjidiň ähmiýetini nazara almak bilen, onuň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli talaplara laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek serişdeleriň, şäheriň edara binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri, bezeg serişdeleri, “Polatly” binasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere degişli şekil taslamalary görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada maglumat berdi. Ol şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadagymyza ýüzlendi.
Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany geçirmegi makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.