Türkmenistanda Halkara zenanlar gününi giňden bellemäge taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, teatrlarda sahna oýunlaryny, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişini hem-de baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk görmegi, ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem