Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.