Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew Hökümetiň nobatdaky mejlisinde oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär.
Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.