Türkmenistanyň Prezidenti alžirli kärdeşinden gutlag hatyny aldy

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbun Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady.

“Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu mübärek günlerde edýän ýagşy doga-dilegleriňiziň, haýyr-sogap işleriňiziň Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin” diýip, Alžiriň Baştutany ýazdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem