Türkmen diplomaty Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew 25-nji fewralda Parlamentara Bileleşiginiň (PAB) Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 16-njy sammitini kabul ediji tarap hökmünde çykyş etmäge taýýardygy tassyklandy.

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Bileleşigiň ýolbaşçylygyna iberen hatlaryny resmi ýagdaýda gowşurdy. Bellenilişi ýaly, gürrüňi edilýän forumyň geçirilmegine Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäginde öňe süren 2028-nji ýyly "Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjyny durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri hökmünde garalýar.

Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary bu başlangyjy minnetdarlyk bilen kabul etdi we Türkmenistanyň geljekki sammiti geçirmek baradaky niýetini doly goldaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler sebitde parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň artýan ornuna aýratyn üns berdiler. Şunda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki işjeňliginiň parahatçylygy parlament diplomatiýasynyň gurallary arkaly berkitmäge we netijeli hyzmatdaşlyk gün tertibini öňe sürmäge ýardam edýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar we öňde duran sammite taýýarlyk görmegiň çäginde ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem