Türkmenistanyň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Tähranda geçirilen mejlisine gatnaşdylar

Tähranda 25-nji fewralda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy esasynda ozal öňe sürülen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek boýunça onuň gün tertibindäki meselä seredildi.

Mejlisde türkmen tarapy garalýan ugurda Türkmenistanyň tejribesini, hususan-da, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda işe girizilen bilelikdäki söwda zolagynyň ähmiýetini beýan etdi. Netijede, tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagynyň YHG-nyň Sekretariatynyň degişli taslamasynyň taýýarlanylmagy esasynda geçirilmegi teklip edildi. Teklip Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi tarapyndan goldanyldy. Şunlukda, guramanyň Sekretariaty türkmen tarapynyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli taslamany taýýarlamaga girişer.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem