Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýada 25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bankyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän maliýe düzüminiň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Halkara Gündogar – Günbatar ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy bu ugurda başlangyçlara gatnaşmak boýunça Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bellenildi. Bu babatda durnukly energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän taslamalara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem