Türkmenistan we Belarus howa gatnawynyň ösüşi barada maslahatlaşdy

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý 24-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň bilelikdäki gün tertibindäki giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini, şol sanda işewürleriň iki ýurduň möhüm kongress-ýarmarka çärelerine gatnaşmagyny, medeni-ynsanperwer, parlamentara we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de taraplar Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda howa gatnawyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna hem garadylar.

 

Çeşme: Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem