Owganystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Oraza aýy bilen gutlady

Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Türkmenistanyň Prezidentine mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

“Mübärek Oraza aýy tutuş musulman ymmatynyň jebisligini we raýdaşlygyny alamatlandyrýar. Bu günlerde dünýäniň ähli musulmanlary özlerini haýyr-sahawata, sogap işlere bagyşlaýarlar.

Owganystan ykdysady durnuklylygyny gazanmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmekde berýän goldawy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirýär. Biz özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris” diýip, Owganystanyň Premýer-ministri hatynda ýazdy.

Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem