Aşgabatda 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini 22-nji maýda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 24-nji fewralda Minskde geçirilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde guramanyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisinde habar berdiler.

Gün tertibinde 11 mesele bar. Olar, esasan, ykdysady ugur, maslahatlar-sergi işleri, ulag geçelgeleri bilen baglanyşykly meseleler, dag-magdan we metallurgiýa toplumynyň sanly üýtgemegi we radio nawigasiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar barada.

Şeýle hem 2027 we 2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagtlaryny yglan etmek barada karar kabul etmek teklip edilýär.

 

Çeşme: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti

Şeýle hem