Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew Hökümet mejlisinde pudaklara innowasion sanly çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi sanly ulgamy ösdürmek boýunça degişli konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.