Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynda ýanwar aýynda ýokary görkezijiler gazanyldy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew Hökümetiň nobatdaky mejlisinde gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,7 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 120,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 119,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 102,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 113 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegi we döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy we ýük dolanyşygyny, üstaşyr hem-de halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem