Türkmenistan bilen BAE hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem