Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Pakistandaky ilçi Atajan Möwlamow bilen Ispaniýanyň Pakistandaky täze bellenen ilçisi Karlos Aragonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda söwda, üstaşyr gatnaw, energetika we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ispaniýanyň ilçisi howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykýan çölleşmä garşy göreşmek boýunça öz ýurdunyň tejribesi, şeýle hem tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak babatda durmuşa geçirilýän milli başlangyçlar barada gürrüň berdi.
Şu nukdaýnazardan, Owganystan we Pakistan arkaly geçýän söwda ugrunyň geljeginiň uludygy hem-de ykdysady taýdan maksadalaýykdygy aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Pakistandaky diplomatik korpusyň işi boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy