Halk Maslahatynyň Başlygy «Arkadag» topary bilen «Al-Nassryň» duşuşygyny halkymyz üçin uly baýramçylyk diýip atlandyrdy

AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň çäklerinde 11-nji fewralda Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýun halkymyz üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baran mahalynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde uly üstünliklere eýe bolan «Arkadag» futbol toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny, türkmen futbolçylarynyň deňme-deň oýnan pursatlarynda bolsa, il içinde aýdylyşy ýaly, «kör abraýdygyny» belledi. Gahryman Arkadagymyz eger türkmen türgenleriniň utulan ýagdaýynda hem bu duşuşygyň halkymyz üçin, geljek daşary ýurtly myhmanlar üçin hakyky baýramdygyny, täze üstünliklere itergi berjek waka öwrüljekdigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy stadionyň umumy infrastrukturasy, şol sanda oýun meýdançasynyň ýagdaýy we tomaşaçy orunlary bilen jikme-jik tanşyp, häzirki bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň ileri tutulýan wezipelerdigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem başlanmagyna az wagt galan halkara futbol duşuşygyny ýokary derejede beýan etmek, degişli mahabat işlerini guramak we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlar berildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem