Ahal welaýatynyň Nurly zaman obasyndaky 33-nji orta mekdepde ätiýaçlyk Gün fotoelektrik (FE) ulgamy gurlup ulanmaga berildi. Bu ulgam Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ÝUNISEF tarapyndan gurnaldy.
Gün energiýasy arkaly işleýän bu ulgam mekdebiň sanitar-tehniki ulgamlary (WASH) üçin suw nasoslarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Bu bolsa adaty elektrik torlaryna bolan garaşlylygy azaldýar we jemgyýetçilik edaralarynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegine ýardam edýär. Toplanan energiýa elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlikler dörän ýagdaýynda-da suw nasoslarynyň we yşyklandyryşyň işlemegine kepil geçýär. Netijede, 305 okuwçy we 35 işgär arassa suw hem-de arassaçylyk hyzmatlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Enjamlary gurnamak işleri Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-niň bilelikdäki «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Ähli enjamlar tehniki standartlara we howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda gurnaldy, synagdan geçirildi we ulanmaga berildi. Mekdebiň işgärleri ulgamy howpsuz we uzak möhletleýin ulanmagy üpjün etmek üçin degişli okuwlary geçdiler.