Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň oba hojalyk toplumynyň ösüşine baha berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Şeýle-de häkimler gyş paslynda welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem