Hywa şäherinde 30-njy ýanwarda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň oba hojalygyny ösdürmek meseleleri boýunça geňeşçisi Şuhrat Ganiýew ýolbaşçylyk etdi.
Toparyň başlyklary öz çykyşlarynda diňe bir suw hojalyk ulgamynda däl-de, eýsem ykdysady, infrastruktura we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda hem netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga bolan umumy ymtylyşyň bardygyny nygtadylar.
Mejlisiniň dowamynda taraplar suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw serişdelerine gözegçilik etmek we hasaba almak mehanizmlerini kämilleşdirmek, şeýle-de suw hojalyk pudagyndaky hünärmenleriň mümkinçiliklerini has-da ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşmak we olaryň durnukly suw üpjünçiligine ýetirýän töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerine hem aýratyn üns berildi.
Taraplar ikitaraplaýyn geňeşmeleriň, hökümetara toparyň mejlisleriniň we bilelikdäki çäreleriň yzygiderli geçirilmegine, şeýle-de hyzmatdaşlygyň hukuk we institusional binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ygrarlydygyny tassykladylar.