Balkan welaýatynyň gümrük işgärleri täze jaýyň öýleriniň açarlaryny aldylar

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda welaýatyň gümrük gullugynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Dört gatly bina 24 öýden ybarat. Onuň daş-töweregi çagalar üçin oýun meýdançalaryny hem öz içine alýar. Otaglary häzirki zaman gurluşyk talaplaryna laýyk gelýär.

Dabarada taslama gatnaşan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy

Şeýle hem