Arkadag şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hormatlandy

Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli, Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi.

Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň üstünde başlandy. Soňra dabara gatnaşyjylar şaýol arkaly Taýçanak binasyna tarap ugradylar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ýola düşdüler.

«Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalyna bardylar. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gowşurylan halkara şahadatnamalar bolsa ýörite bellenilen ýerde ýerleşdirildi.

Dabaranyň dowamynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň çeperçilik direktory we wise-prezidenti Urs Pilz sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. «Sag bol Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Dabaralar tamamlanandan soňra, Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem