Türkmenistan bilen Marokkonyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Aşgabat şäherinde 28-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Marokkonyň wekiliýetine Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministrliginiň Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdiri Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk pudaklary kesgitlenildi.

Şu nukdaýnazardan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu prosesi ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda işewür toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi boýunça hem pikir alşyldy.

Taraplar hereket edýän şertnama-hukuk binýadynyň ähmiýetini nygtamak bilen, daşary syýasy hyzmatdaşlyk, ulag, bilim, ylym hem-de beýleki ugurlar boýunça täze ikitaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin dialogy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem