Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin Türkmenbaşy şäherinde ulanmaga berlen iki sany 4 gatly, her biri 24 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Täsirli, şowhunly geçen dabarada çykyş edenler parasatly döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha täze rowaçlyklara eýe bolýandygyny, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, harby gullukçylaryň maşgalalary üçin nusgalyk derejedäki ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilýändigini çäksiz hoşallyk bilen buýsançly belläp geçdiler.

Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan bu ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda önümçilikde aýratyn tapawutlanan ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda berilmegi hem zähmete, zähmet adamyna goýulýan belent hormatyň, sylag-sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de şu ýerde täze öýleriň eýelerine olaryň açarlarynyň şowhunly, dowamly el çarpyşmalar astynda gowşurylmagy hem ýatdan çykmajak ýakymly, tolgundyryjy pursatlar boldy.

Hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginden soň, dabara gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleriniň otaglary bilen ýakyndan tanyşdylar. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň otaglarynyň ýokary derejedäki zerur serişdeler, durmuş maksatly enjamlar, owadan mebeller, beýleki döwrebap amatlyklar bilen üpjünçiligi hemmelerde hoşallyk duýgularyny döretdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem