Tähran şäherinde 27-nji ýanwarda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Agzalan mejlisiň dowamynda «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.
Hususan-da, bu meýilnamanyň 3-nji ileri tutulýan ugry, ýagny “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly bölümini YHG-nyň sebitinde durmuşa geçirmek bilen bagly teklip bu gurama tarapyndan öňe sürüldi. Agzalan teklip hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi Geňeş tarapyndan goldanyldy.
Türkmenistanyň ilçisi, YHG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Ylýas Gaýypow agzalan başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-nyň Sekretariatyna we agza ýurtlaryň wekillerine hoşallyk bildirdi hem-de onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda taraplaryň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirýändigini mälim etdi.
Mundan başga-da, «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we YHG sebiti» atly mowzuk boýunça BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde gurama tarapyndan alnyp barlan işler hem-de geljekde meýilleşdirilýän hereketler beýan edildi.