Türkmenistan Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny mälim etdi

Aşgabatda 22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, ulag-üstaşyr özara baglanyşyklylygy we sebit integrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda durnukly energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem durnukly we howpsuz ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleriniň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda Ýewropa ykdysady komissiýasy esasy sebit hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garalýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem