Aşgabatda 22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Aziýa - Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarpyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, durnukly ösüş, ulag we energetika, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, şeýle hem SPECA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň netijelerine oňyn baha berdi.
Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) we degişli forumlarynyň işine işjeň gatnaşmaga ygrarlydygy bellenildi.
Duşuşykda sanlylaşdyrma, kagyzsyz söwdany ösdürmek, «Bir penjire» ýörelgesini ornaşdyrmak, şeýle hem UNESCAP-yň institutlary bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine Türkmenistanyň we UNESCAP-yň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.