Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi

Aşgabatda 22-nji ýanwarda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Pudaga «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň ýer-suw serişdeleriniň mümkinçilikleri pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmekde uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmagyň, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, topragy goraýjy tehnologiýalardan peýdalanmak babatda özara gatnaşyklary utgaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekildi.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamlaryna we jemgyýetçilik saglygyna göni hem-de köpugurly täsir edýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti, şeýle-de goňşy döwletler utgaşdyrylan hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri talap edýän umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Foruma gatnaşyjylar ýerleriň şorlaşmagy, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýan töwekgelçilikleri peseltmekde azyk ulgamlaryna çemeleşmeleri özgertmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Howanyň üýtgeýän şertlerinde biodürlüligi gorap saklamaga, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjek strategiýalary işläp taýýarlamak zerurdyr.

Halkara maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem