Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar ugry boýunça sekretary Sibi Jorj resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Saparyň maksady Hindistan bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek maslahatlaşmalara, şeýle hem SPEСA-nyň ykdysady forumyna gatnaşmakdan ybaratdyr.
Howa menzilinde diplomat Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri tarapyndan garşy alyndy.
Sibi Jorj SPECA ykdysady forumynda Hindistana wekilçilik edýär. Öz çykyşynda sekretar Hindistanyň Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda, ykdysady, maýa goýum we ulag boýunça gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meýlini tassyklady.