Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi hem-de ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berdi.
Döwlet Baştutanymyz iri halkara düzümiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde azyk howpsuzlygy boýunça gatnaşjak sebitleýin maslahatynyň bu meseleler boýunça pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyz bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Türkmenistanda bu düzümiň goldawy bilen oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýer serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.