Aşgabatda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasynda muzeýiň uly gözlegçisi Döwletmurad Rejepow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady we türkmen esgeriniň Watany goramakdaky mynasyp orny barada gürrüň berdi.

Sergide Türkmenistanyň Milli Ýaragly Güýçleriniň döredilmegi barada maglumat berilýär we ýurduň gahrymançylykly taryhyny aýdyň görkezýän sowuk ýaraglar, suratlar we gymmatly eserler bar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi

 

Şeýle hem