Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga $500 million maýa goýdy

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaş bolup gelýär. Bahasy 500 mln ABŞ dollaryna deň bolan “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasy” atly taslama bu ugurda bankyň gatnaşmagynda amala aşyrylan ilkinji iri başlangyç boldy.

Taslamanyň çäklerinde Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde uzynlygy, takmynan, 1,4 müň kilometre deň bolan 110, 220 we 500 kWt ýokary elektrik geçiriji ulgamlarynyň we 11 sany podstansiýalarynyň gurulmagy maliýeleşdirildi.

Amala aşyrylan taslamanyň netijesinde, ýurduň elektrik energiýasynyň eksporty 2017-nji ýyldaky gorkezijisinden, ýagny 3,4 terawat-sagatdan 2023-nji ýylda 9,3 terawat-sagada çenli artdy. Şeýle hem Ýaponiýanyň Aziýa - Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüş gaznasynyň (JFPR) 1,5 mln ABŞ dollarlyk grantynyň hasabyna tehniki kömek berildi.

Bu taslamada “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy AÖB-niň hyzmatdaşlaryndan biri bolup, onuň maliýe goşandy 175 mln ABŞ dollaryna deň boldy.

 

Çeşme: Aziýanyň ösüş banky

 

Şeýle hem