Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji ýanwarda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismet Gozalow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şu ýyl üçin meýilleşdirilen çärelere, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Taraplar atçylyk sungaty we atçylyk sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini-de ara alyp maslahatlaşdylar.