Türkmenistan 2025-nji ýylda elektron söwda ulgamynda uly ösüş gazandy

Türkmenistanda elektron söwda düzüminiň yzygiderli ösüşi dowam edýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlar şaýatlyk edýär.

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, häzirki wagtda dürli banklaryň üsti bilen elektron söwda ulgamyna (E-Commerce) 1 043 sany söwda nokady birikdirildi. Bular ýöriteleşdirilen internet-dükanlary we internet arkaly bank kartlaryndan töleg kabul edýän kärhanalardyr.

Elektron söwda nokatlarynyň sany boýunça «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky 571 nokat bilen öňdeligi saklaýar. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem 248 nokat bilen bu ulgama uly goşant goşýar.

Geografiki taýdan internet-nokatlarynyň agramly bölegi paýtagtda jemlenendir: Aşgabat şäheri birikdirilen 719 nokat bilen öňde barýar.

Ýeri gelende bellesek, 2025-2026-njy ýyllarda ýurduň Hökümeti tarapyndan birnäçe strategik resminamalar, şol sanda "Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy" kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Merkezi banky

Şeýle hem