Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy täze, 2026-njy ýyl mynasybetli gutlady.
Germaniýanyň Prezidenti gutlag hatynda täze ýylda Türkmenistanyň Prezidentine hem-de halkyna rowaçlyk we bagtyýarlyk arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Fridrih Mers hem gutlady. Ol öz hatynda hormatly Prezidentimize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk arzuw etdi we täze ýylda parahat, asuda geljek ugrunda bilelikdäki işe hemişe taýýardygyny beýan etdi.