Aşgabatda 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG bilen hyzmatdaşlygyň aşakdaky ugurlaryna aýratyn üns berdi.
Ilki bilen, diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikinjiden, duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzüm birlikleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralarynyň ýerleşmeklerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Üçünjiden, taraplar BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişine seredip geçdiler. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar FAO bilen bilelikdäki maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlary guramak we beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek barada pikir alyşdylar.