Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklandy.

Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem