Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary meýilleşdirilýän döwlet saparlaryna taýýarlygy maslahatlaşdylar

7-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisiniň, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriň we Türkmen-pakistan işewürler forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar şu ýyl üçin meýilleşdirilýän ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlyk görmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem