Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 6-njy ýanwarda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli çagalary — dersler boýunça olimpiadalaryň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar.

Şu ýyl ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara bäsleşigiň 99 gatnaşyjysy hem-de 4 sany döredijilik topary — “Joşgun” tans topary, “Galkynyş” çeper okaýyş topary, “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar hory, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.

Asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba we Garpamyk çagalary mynasyp bolan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşbini janlandyrýan çagalar dürli sahna çykyşlaryny görkezdiler. Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleriniň ýerine ýetiren aýdymlary ýaş nesilleriň şatlyk-şowhunyna beslenen dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çagalar sungatyň dürli görnüşleri arkaly arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar çagalygy wasp etdiler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem