Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gadam basylýandygyny alamatlandyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýär.
Şu ýylyň şygarynda diňe bir halkymyzyň öz taryhy köklerine ygrarlylygy däl-de, eýsem, häzirki döwrüň obýektiw hakykaty hem öz beýanyny tapýar. Ýylyň ady 2025-nji ýylda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde kesgitlenen ýokary depginli ösüşleri gönüden-göni şöhlelendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär.
Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda bu guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen bu çözgüt ahalteke atlarynyň bütindünýä mirasy hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi.
«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri Türkmenistanyň intellektual platformasyna öwrüldi. Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi onuň ylym-bilim klasteriniň esasy bölegi bolup, merkeziň alyp barýan toplumlaýyn işi ahalteke atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, öwrenmäge we olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga, halk seçgiçiliginiň köpasyrlyk tejribesini häzirki zaman ylmynyň iň täze gazananlary bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny özünde jemleýär. Ol milli ýörelgelere ygrarlylygy, şol bir wagtyň özünde ählumumy ösüşe we tehnologik täzeliklere açyklygy alamatlandyrýar.