Türkmenistan ählumumy ulag ulgamyndaky başlangyçlaryň esasy inisiatory hökmündäki ornuny berkidýär

Türkmenistan ählumumy ulag ulgamyndaky başlangyçlaryň esasy inisiatory hökmündäki ornuny berkidýär. Ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen döwletiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2026 – 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny yglan edýän taryhy Kararnamany kabul etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň BMG derejesindäki başlangyçlary zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ählumumy meseleler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde toplumlaýyn logistika toruny döredýär.

BMG-niň täze onýyllyk (2026 – 2035) baradaky Kararnamasy tutuş dünýä ykdysadyýeti üçin strategiki gollanma bolup hyzmat eder. Ulag ulgamyna maýa goýumlar 2030-njy ýyla çenli 11 trillion dollardan geçer diýlip çaklanylýar.

Türkmenistanyň häzirki başlangyçlary häzirki zaman tehnologiýasynyň hemmelere peýdasy degýän "ýaşyl" dünýäni döretmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny üpjün edýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem