Sankt-Peterburg we Astrahan oblastlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny beýan etdiler

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow we Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlaglarynda sebitleriň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny bellediler.

Beglow gutlag hatynda täze ýylda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam berjek bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini nygtaýar.

Babuşkin öz hatynda türkmen tarapy bilen gatnaşyklaryň aýratyn derejesini nygtady: «Türkmenistan Astrahan oblastynyň ýakyn dosty, goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşydyr» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Ol hyzmatdaşlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň üns bermeginiň netijesinde köp sanly bilelikdäki durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylandygyny nygtady. Gubernator 2026-njy ýylda sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şonuň ýaly netijeli boljakdygyna we mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Bellenişi ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylyň 15-16-njy aprelinde Astrahanda geçiriljek “Hazar sebitiniň ulag logistikasy” atly V halkara foruma gatnaşar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem