Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da häkimler welaýatlaryň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşini hem-de ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini aýratyn gözegçilikde saklamagy, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.