Ýewropanyň maýa goýum banky 2025-nji ýyly Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynda möhüm döwür hasaplaýar hem-de 2026-njy ýylda sebitdäki işini güýçlendirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ýewropanyň maýa goýum bankynyň sebit boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Edwardas Bumsteýnas aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda bank Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlarda maliýe goldawyny giňeltdi. Bu serişdeler durnukly ösüşe, ýol-gurluşyk we beýleki infrastruktura taslamalaryna, sanly ulgamlaryň ösdürilmegine hem-de howanyň üýtgemegine garşy çäreleri güýçlendirmäge gönükdirildi. Taslamalar Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Şeýle hem Edwardas Bumsteýnas Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Türkmenistan bilen çarçuwaly ylalaşyk boýunça gepleşiklerde öňegidişlik gazanandygyny belläp geçdi. Bu bolsa bankyň Türkmenistanda iş alyp barmagyna mümkinçilik açýar. Mundan başga-da, 2026-njy ýylda bankyň ilkinji sebitleýin edarasyny Daşkent şäherinde açmak meýilleşdirilýär.
Ýewropanyň maýa goýum banky Merkezi Aziýanyň Ýewropa Bileleşigi üçin arabaglanyşyk, energiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi meselelerinde uly ähmiýete eýedigini belleýär.
Çeşme: Biznes Türkmenistan