Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 3-nji ýanwarda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar ilki bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Serginiň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň eserleri, haly önümleri, milli şaý-sepler, zehinli ussalaryň elinden çykan at esbaplary görkezildi. Şeýle hem sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň, döwlet Baştutanymyzyň galamyndan çykan eserlere uly orun berilmegi onuň ähmiýetini artdyrdy.
Häzirki wagtda türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleri, nusgalyk ösüş ýoly umumadamzat bähbidine gönükdirilýär. Ýurtda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi abadan durmuşy üpjün etmekde, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuny pugtalandyrmakda, berkarar ýurtda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere mynasyp goşant goşmaga bolan gyzyklanmalary artdyrmakda ähmiýetlidir.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna biragyzdan Ýüzlenme kabul etdiler.
Çeşme: «Watan» habarlar gepleşigi