Arkadag şäheriniň häkimliginde 2-nji ýanwarda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatdaky çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygar bilen geçen 2025-nji ýylyň ahyrky Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edendiklerini aýdyp, bu teklibi goldamak bilen, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edendigine üns çekildi.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenende hem bu ýylyň şygaryna ünsi çekendigini belläp, döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýandygyny, ahalteke bedewiniň biziň buýsanjymyzdygyny, şöhratymyzdygyny aýdandygyny nygtadylar.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýandygy barada aýdylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleriniň türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýandygy bellenildi.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy -- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda beýan eden pikirlerine ünsi çekdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol täze kitabynda belleýşi ýaly, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. «At - myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegi baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwly sözler çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaş bolup geçdi.