BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki sany Kararnama kabul etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň kabul edilendigini aýtdy.

Wise-premýer ýakynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezdi. Ol döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirjekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem