Türkmenistanda 2026-njy ýylyň nyşany we şygary bilen tanyşdyrdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa 28-nji dekabrda Hökümetiň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetihttps://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/102051/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-ginisleyin-mejlisi-31

Şeýle hem