Türkmenistan we Eýran Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň öňde boljak sammitine taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 21–23-nji dekabr aralygynda iş sapary bilen Tähranda boldy. Gepleşikleriň esasy mowzugy Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň öňde boljak sammitine taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Käzim Garibabadi we Eýranyň daşary syýasat edarasynyň öňdebaryjy bilermenleri bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar Hazar sebitinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar ýedinji Hazar sammitiniň gün tertibine girizilmegi meýilleşdirilýän resminamalar toplumyny ylalaşmaga aýratyn üns berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, ekologiýa durnuklylygynda we ulag-logistika geçelgelerini ösdürmekde bitewi çemeleşmeleri işläp düzmegiň wajypdygyny nygtadylar.


Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem