Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 15-nji dekabrda daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Türkmen tarapy Neda Bergeriň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine goşýan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi. Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän geljekki meýilnamalar we taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem